Turkmenportal logo
25.05.18
1280112801
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi öz işine başlady

Paýtagtymyzda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär.
Gözden geçirilişi guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny abadanlaşdyrmaga çenli özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma döredýän zatlaryň giň gerimini hödürleýärler.
Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşe ugur almakdan ybaratdyr. Hut şu esasy ýörelge bu serginiň häsiýetini kesgitledi. Onuň işine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, şeýle hem Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Koreýadan, Russiýadan we beýlekilerden iş toparlarynyň 80-den gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar. 
XVII köpugurly halkara sergisi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmak üçin özboluşly meýdançany döreder, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara Aşgabadyň senagat, medeni we aň-paýhas mümkinçiliklerini, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady serişdelerini özünde jemleýän Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Ertir sergi öz işini dowam eder.