Turkmenportal logo
15.05.18
2225622256
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TMCELL "Oraza" atly USSD hyzmatyny ýola goýdy

Şu gün TMCELL-iň resmi saýtynda Mukaddes Oraza aýy mynasybetli USSD hyzmatynyň ýola goýlandygy habar berildi. Ulgamyň müşderileri 2018-nji ýylyň 16-njy maýyndan 15-njy iýuny aralygynda "Oraza" hyzmaty arkaly agyz beklenýän we açylýan wagtlary barada, tölegsiz USSD menýu üsti bilen habardar bolup bilerler. 


Munuň üçin aşakda görkezilen kodlary telefona girizmek maslahat berilýär:


*0870*1#  - Ahal welaýat we Aşgabat şäheri üçin


*0870*2#  - Balkan welaýat üçin


*0870*3#  - Daşoguz welaýat üçin


*0870*4#  - Mary welaýat üçin


*0870*5#  - Lebap welaýat üçin


----------------------------


2018-nji ýylyň Oraza aýynda agyz beklenýän we açylýan wagtlary şu ýerde!