Turkmenportal logo
07.05.18
63476347
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Russiýanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde täze sepgitlere ýetjekdigine, şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär.
Iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz soňky ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýratyn nygtady.