Düýn, 7-nji aprelde Gyrgyzystanyň birnäçe gezek çempiony — BIşkek şäheriniň "Dordoý" futbol topary TOP-Liganyň (Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasy) täze möwsüminiň ilkinji duşuşygyny geçirdi.
Aleksandr Krestininiň şägirtleriniň ilkinji garşydaşy "Kara-Balta" topary boldy. "Dordoý" çempionatdaky ilkinji duşuşygynda kynçylyksyz 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu netijäniň türkmenistanly janköýerler we Turkemnportalyň okyjylary üçin biri guwançly tarapy gollaryň ikisini hem ildeşimiz — 31 ýaşly ýarym goragçy Amir Gurbanynyň geçirenligidir. Türkmenistanly legioner 35-nji minutda topardaşy Karlos Oseýiň özüne geçiren pökgüsine ussatlyk bilen erk edip hasaby açan bolsa, ilkinji goldan 10 minut soňra duşuşykda ikinji gezek hem tapawutlandy. TOP-Liga ýeňiş bilen başlan "Dordoý" 11-nji aprelde geçiriljek ikinji tapgyryň duşuşygynda "Akademiýa Oş" bilen duşuşar.
Şeýlelikde, Amir Gurbany "Dordoýyň" şu ýylky geçiren 7 resmi duşuşygynda (2-si AFK-nyň kubogy, 4-si Ala-Too 2018 halkara ýaryşy, biri TOP-Liga) 5 gezek tapawutlandy. Ol gollarynyň ikisini AFK-nyň kubogynda, birini Ala-Too 2018 halkara ýaryşynda geçiren bolsa, TOP-Liganyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşygynda iki gol geçirdi. Munuň özi ýarym goragçy üçin örän oňat netijedir.
Ildeşimize Gyrgyzystan karýerasynda mundan beýläk hem üstünlik arzuw edýäris!