Turkmenportal logo
28.01.18
78287828
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 1700-e golaý desganyň gurluşygy dowam edýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy ýanwarda bolan giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda döwlet Baştutany häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iri desgalaryň 1700-e golaýy gurulýandygyny aýtdy.


Bu gurluşyklar ýurduň ähli künjegine ýaýrandyr. Ýakynda bolsa döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde we Ak Bugdaý etrabynyň çäklerinde gurulmaly desgalaryň ýene-de 20-ä golaý toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Bu desgalaryň ählisi öňümizde duran 5 ýylyň dowamynda gurlup, ulanylmaga berler.