Turkmenportal logo
23.12.17
85618561
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-nyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag boýunça Rezolýusiýany kabul etdi
BMG-nyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag boýunça Rezolýusiýany kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama kabul edildi. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer, Türkmenistan DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow habar berdi.


Bellenilişi ýaly, dünýäniň gün tertibiniň strategiki meseleleri boýunça, şol sanda ulag ulgamynda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm ugurda, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa we dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine eýe bolýar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň soňky ýyllarda kabul eden degişli Rezolýusiýalary hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.


DIM-niň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl-de, eýsem tutuş dünýä üçin hem strategiki ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.


Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu Rezolýusiýasyna esaslanyp, düýpli we yzygiderli seljerme geçirmegi hem-de durnukly ulag ulgamy boýunça indiki Ählumumy maslahaty Aşgabat şäherinde ýa-da «Awaza» milli syýahtçylyk zolagynda geçirmek baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.


Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu Rezolýusiýasyndan ugur alyp, biziň kanunlarymyzy seljermek hem-de olara ykdysady taýdan sebitleýin we sebitara goşulyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň teklipleri bilen baglanyşykly degişli üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy. Şeýle hem ulag üpjünçilik ulgamlaryny meýilnamalaşdyrmagy kämilleşdirmek, şunda ulag aragatnaşygynyň ykjamlygyny ýokarlandyrmagy we berkitmegi göz öňünde tutmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.