Sebitiň sekiz ýurdunyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Ermenistanyň ulag-logistika kompaniýalarynyň hem-de pudaklaýyn birleşikleriniň wekilleri 2026-njy ýylyň 18–24-nji oktýabry aralygynda Germaniýada tanyşlyk saparynda boldular. Saparyň maksady Hazarüsti halkara ulag geçelgesinde (HHUG), başgaça aýdylanda, Orta geçelgede işewürlik mümkinçiliklerini öwrenmekden we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Sapary Germaniýanyň hökümetiniň we Ýewropa Bileleşiginiň tabşyrygy boýunça Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) gurady. Gatnaşyjylar Gamburg, Leýpsig we Berlin şäherlerinde nemes kompaniýalarynyň, pudaklaýyn birleşikleriň wekilleri hem-de logistika boýunça bilermenler bilen duşuşdylar.
Maksatnamada geçelgäniň işinde ýüze çykýan esasy meseleleriň, ýagny ulag çykdajylarynyň ýokary bolmagy, üstaşyr geçiş möhletleriniň öňünden takyk kesgitlenmezligi we serhetüsti amallaryň çylşyrymlylygy ýaly ýagdaýlaryň çözgütlerine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar Gamburgdaky «HHLA Altenwerder» konteýner terminalyna we Leýpsigdäki «Deutsche Umschlaggesellschaft Schiene–Straße» (DUSS) operatorynyň terminalyna baryp gördüler. Ol ýerde multimodal ýük daşamalarynyň guralyşy, logistika amallarynyň utgaşdyrylyşy we maglumat alyş-çalşygy bilen tanyşdylar.

Işewürlik duşuşyklarynyň çäklerinde gatnaşyjylar infrastruktura taslamalaryny we ulag hyzmatlary bilen ýakyndan tanyşdyrdylar, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýdular. Ýük resminamalaryny sanly görnüşde resmileşdirmek, ýükleri işläp taýýarlamak, ammarlarda ýerleşdirmek we olaryň hereketini yzarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Berlinde wekiliýet «BVL Supply Chain CX» çäresine gatnaşdy. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti we Germaniýanyň Logistika birleşigi (BVL) bu ýerde geçelgäniň ählumumy üpjünçilik zynjyrlaryndaky orny hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada ýörite çäreleri geçirdiler.
Maksatnama «Making the TCTC Work – Connecting Businesses along the Trans-Caspian Transport Corridor» atly işewürlik çäresi bilen jemlendi. Ony Germaniýanyň Söwda-senagat edarasy (DIHK), Germaniýanyň Gündogar ykdysadyýet komiteti we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti gurady. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda resminamalaryny sanlylaşdyrmak, gümrük we serhet geçelgelerindäki amallary ýönekeýleşdirmek, şeýle hem logistika we infrastruktura maýa goýumlaryny maliýeleşdirmegiň hem-de goldamagyň gurallary barada pikir alyşdylar.

Saparyň netijeleri boýunça guramaçylar Germaniýanyň, Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlarynyň arasynda has ýakyn ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmanyň artýandygyny bellediler. Orta geçelgäniň uzak möhletleýin bäsdeşlige ukyplylygy diňe bir döwrebap infrastruktura däl, eýsem ulag operatorlarynyň işiniň utgaşdyrylmagyna, netijeli dolandyryş amallaryna, şeýle hem nyrhlaryň we ýükleri eltip bermegiň möhletleriniň öňünden kesgitlenip bilinmegine hem baglydyr.
Bellenilişi ýaly, bu sapar Hazarüsti ulag geçelgesiniň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky has ygtybarly we bäsdeşlige ukyply ulag ugurlarynyň birine öwrülmegine ýardam berip biljek geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň we bilelikdäki başlangyçlaryň düýbüni tutdy.