4-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Täjigistanda her ýyl 6-njy noýabrda bellenilýän bu senäniň ähmiýeti nygtaldy — diýlip, diplomatik wekilhananyň maglumatlaryna salgylanyp, «Hower» milli habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda ýurduň Prezidenti, Milletiň Lideri Emomali Rahmonyň Konstitusiýany işläp taýýarlamakda we kabul etmekde eýeleýän ornuny aýratyn belledi. Ilçiniň sözlerine görä, täjik halkynyň erk-islegini şöhlelendirýän bu resminama özygtyýarly, demokratik, hukuk, dünýewi we bitewi döwleti berkitmek üçin berk binýady döretdi.
Soňra ilçihananyň işgärleri Konstitusiýanyň kabul ediliş taryhy, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek arkaly kämilleşdiriliş tapgyrlary, şeýle hem konstitusion kadalaryň ähmiýeti barada çykyş etdiler.