Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň 2026/27-nji ýyl möwsüminiň ikinji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň dördünji oýnunda Eýranyň «Gol Gohar» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 77-nji minutda Ahmet Ataýew geçirdi.
Bu ýeňiş «Arkadag» toparynyň «B» toparçada gazanan ikinji ýeňşi boldy. Dört duşuşykdan soň Wladimir Baýramowyň tälim berýän toparynyň hasabynda ýedi utuk bar. Iki utuk toplan «Gol Gohar» bolsa toparçada soňky orunda galýar.

Duşuşykda ýer eýeleri az-kem artykmaçlyk gazandy. Birinji ýarymda Resul Hojaýew howply urgulary bilen tapawutlandy. Onuň dördünji minutda batly depen pökgüsi derwezäniň üstünden geçdi. Arakesmä dört minut galanda bolsa onuň urgusyndan soň top derwezäniň ýokarky burçundan sowa geçdi. Myhmanlar 19-njy minutda hasaby açmaga mümkinçilik döretdiler, ýöne «Arkadagyň» derwezeçisi Kakageldi Berdiýew böküp, garşydaşyň urgusyny gaýtardy.
Oýnuň ikinji ýarymynyň 64-nji minutynda Hojaýewiň urgusyndan soň top derwezäniň kese germewine degdi. 76-njy minutda Arzuwguly Sapargulyýewiň urgusyny «Gol Goharyň» derwezeçisi Farzin Garousian saklady. Bir minutdan soň Sapargulyýewiň çep tarapdan geçiren pökgüsinden soň myhmanlaryň goragçylary topy doly uzaklaşdyryp bilmediler. Pursatdan peýdalanan Ataýew çep aýagy bilen aşakdan urup, topy derwezä girizdi. Duşuşygyň tamamlanmagyna alty minut galanda Garousian Sapargulyýewiň topy derwezä gönükdirmek synanyşygyny aýaklary bilen saklap, ýene bir gezek öz derwezesini goramagy başardy.

«Arkadag» topary toparçalaýyn tapgyrdaky soňky duşuşyklaryny 25-nji noýabrda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyna garşy myhmançylykda, 9-njy dekabrda bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» toparyna garşy öz meýdançasynda geçirer. Ýaryşyň 1/8 final tapgyryna her toparçadan iň gowy netijäni görkezen iki topar gatnaşar. Bu tapgyryň duşuşyklary 2027-nji ýylyň 9–18-nji fewraly aralygynda geçiriler.