Turkmenportal logo
Şu gün 13:02
49714971
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝUNISEF Türkmenistanda täze doglan bäbeklere intensiw bejergi bermek boýunça 300-den gowrak lukmany taýýarlady

30-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda täze doglan bäbeklere we bäş ýaşa çenli çagalara intensiw bejergi bermek boýunça okuw maksatnamasyny tamamlan lukmançylyk işgärlerine dabaraly ýagdaýda şahadatnamalar gowşuryldy.

Bu maksatnama ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylygynda, ÝUNISEF-iň tehniki goldawy bilen amala aşyrylýar. ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bir ýylyň dowamynda okuw maksatnamasyna 300-den gowrak hünärmen gatnaşdy.

Okuw maksatnamasyna neonatologlar, täze doglan bäbekleriň we çagalaryň intensiw bejeriş bölümleriniň anesteziolog-reanimatolog lukmanlary, akuşer-ginekologlar, şeýle hem kliniki ordinatorlar, lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň ýokary okuw ýyllarynyň talyplary we professor-mugallymlar gatnaşdylar.

Okuwlaryň dört tapgyry diňe bir nazary sapaklar bilen çäklenmedi. Jemi ýedi moduly öz içine alan okuw maksatnamasynda 22-den gowrak mowzuk, şol sanda dem alyş we ýürek-damar ulgamlarynyň kesellerinden başlap, newrologik we ýokanç kesellere, şeýle hem çaga anesteziologiýasyna çenli dürli ugurlar öwrenildi. Okuwçylar kliniki ýagdaýlary seljerdiler, amaly türgenleşikleri ýerine ýetirdiler we tejribeli hünärmenleriň kliniki halypalyk etmeginde simulýasiýa okuwlaryna gatnaşdylar.

Halkara okuw-ylmy merkeziniň ýokary ýöriteleşdirilen simulýasi­on-­türgenleşik bölüminiň, Ene we çaganyň saglygyny goraýyş milli merkeziniň, sebit hassahanalarynyň, şeýle hem Aşgabat we Mary şäherleriniň beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň binýadynda gatnaşyjylar hakyky gyssagly ýagdaýlarda zerur bolan örän möhüm çözgütleri kabul etmek boýunça amaly başarnyklaryny kämilleşdirdiler. Okuwlaryň netijeliligi bilim derejesiniň okuw başlamazdan öň we tamamlanandan soň geçirilýän bahalandyrmasy arkaly yzygiderli seljerildi.

Belarus Respublikasyndan gelen halkara bilermenler, şol sanda Mihail Strižak we Dmitriý Sankowes milli hünärmenler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, öz tejribelerini we amaly başarnyklaryny paýlaşdylar. Maksatnamanyň çäklerinde milli we sebit derejelerinde tälimçiler hem taýýarlanyldy. Olar alan bilimlerini we başarnyklaryny öz hassahanalarynda kärdeşlerine hem geçirerler.

Maksatnamanyň netijesinde agyr ýagdaýdaky çagalara gyssagly kömek bermek we intensiw bejergini amala aşyrmak boýunça 12 sany kliniki algoritm hem-de standart amaly iş tertibi işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Bu resminamalar her bir sekundyň gymmatly bolan gyssagly ýagdaýlarynda lukmançylyk toparlarynyň birmeňzeş we anyk görkezmelere eýermeklerini üpjün edýär. Milli we sebit derejelerindäki takmynan 12 sany saglygy goraýyş edarasy intensiw bejerginiň kämilleşdirilen usullaryny öz iş tejribesine ornaşdyrdy. Şeýlelikde, täze bilimler we amaly başarnyklar çagalara edilýän lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.