Turkmenportal logo
Şu gün 10:50
42084208
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýaly professor-lukmanlar Türkmenistanda kardiologiýa boýunça tejribelerini paýlaşýarlar

Şu günler türkmen-german hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Germaniýanyň professor-lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, lukmanlar Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde ýerli lukmanlar bilen kardiologiýa we kardiohirurgiýa ugry boýunça dünýä lukmançylyk tejribesini ara alyp maslahatlaşýarlar, ýürek keselleriniň öňüni almakda, irki döwürde anyklamakda, bejermekde, dikeldiş bejergilerinde täze lukmançylyk usullaryny amalyýete netijeli ornaşdyrmak we ýola goýmak ugrunda işlerini dowam edýärler.

Iş saparynyň barşynda germaniýaly professor-lukmanlar öz türkmen kärdeşleri bilen näsaglara anyklaýyş, maslahat beriş işlerini amala aşyryp, kardiohirurgik bejergilerini hem bilelikde ýerine ýetirýärler.

Mýunhen şäheriniň Dogabitdi ýürek kemçilikleri we çaga ýürek hirurgiýasy uniwersitet hassahanasynyň direktory, kardiohirurg professor Ýürgen Hörer şeýle gürrüň berýär:

— Dogabitdi ýürek kemislikleri dünýäde iň köp ýaýran keselleriň biri bolup, ol ýaňy bolan çagalarda ýüze çykýar. Şol sebäpli ýürek keselli çagalar kardiohirurglaryň kömegine mätäçdirler. Bu keseliň hemmesi hirurgik bejeriş amallaryny talap edýär, ýöne käbiri örän çylşyrymly bolýar, şoňa görä-de, ýaňy bolan bäbeklere öz wagtynda operasiýa bejergisi örän möhüm bolup durýar. Çaga bedeni ösüp kämilleşýän döwründe ýüregiň saglygy wajypdyr.

Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda, hususan-da, kardiologiýa, kardiohirurgiýa ugry boýunça hyzmatdaşlyk has-da pugtalanýar we bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar. Biz Türkmenistanda yzygiderli iş saparynda bolup, türkmen lukmanlary bilen operatiw bejergileri amala aşyrýarys. Käbir çagalarda duş gelýän dogabitdi ýürek kemisliklerini operatiw bejerginiň ýeňil görnüşinde bejerip bolýar, emma käbirine hökmany suratda çylşyrymly operatiw bejergini geçirmek zerur bolup durýar. Bu amallar aýratyn çylşyrymly we ýokary töwekgelçiligi öz içine alýar.