Turkmenportal logo
23.10.2026
1290512905
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ilkinji ýerasty gaz saklaýjysynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça tender bäsleşigine ýedi kompaniýa gatnaşýar

Türkmenistanda ýerasty gaz saklaýjysynyň (ÝGS) taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilýän tender bäsleşigine ýedi kompaniýa gatnaşýar. Olaryň arasynda Awstriýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bar. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara serginiň we maslahatyň jemlerine bagyşlanan metbugat ýygnagynda žurnalistlere habar berdi.

Maksat Babaýewiň sözlerine görä, häzirki wagtda bäsleşige gatnaşyjylaryň tekliplerine seredilýär we bu tapgyr tamamlanmaga golaýlaýar. Ýakyn wagtda «Türkmengaz» gaz saklaýjynyň deslapky inženerçilik taslamasyny (FEED) taýýarlajak kompaniýany kesgitlär. Ol bu taslamanyň döwlet konserni üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi.

Mundan öň, 2026-njy ýylyň martynda «Türkmengaz» ýerasty gaz saklaýjysynyň deslapky inženerçilik taslamasyny (FEED) taýýarlamak boýunça halkara tender bäsleşigine gatnaşmak üçin deslapky saýlama tapgyrynyň yglan edilendigi habar berlipdi.

Ýerasty gaz saklaýjysyny ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän öňki «Ojak» gazkondensat käniniň çäginde döretmek meýilleşdirilýär. Taslamanyň çäklerinde dörediljek gaz saklaýjynyň sygymy 5 milliard kub metr bolar diýlip garaşylýar.