Turkmenportal
23.10.2026
1139011390
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti hukuk ulgamynyň ösüşine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, 1996-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda döwletde we jemgyýetde demokratik institutlary pugtalandyrmak, adamyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň azatlygyny berjaý etmek, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejeli döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, adamyň hukuklary we azatlyklary babatynda ylmy-amaly barlaglary geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 23-nji iýulyndaky Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk instituty goşulyp, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döredildi. Şeýlelikde, şu ýylda institutyň esaslandyrylmagyna 30 ýyl dolýar.

«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» kabul edilmegi BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde adam hukuklary boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Milli meýilnamalarda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmegiň, halkara hukugyň kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmagyň hem-de hukuk ulanyş tejribesinde durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenen. Şonuň bilen birlikde, milli hukuk ulgamynda ylmy seljermeleriň döwrebap ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işleriň geçirilmegine ýaş alymlaryň işjeň gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda, 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi örän ähmiýetli taryhy wakalar boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden 30-dan gowrak Kararnamalary ýurdumyzyň halkara hukugyň ösüşine goşýan mynasyp goşandynyň güwäsidir» diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynyň ahyrynda «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň döwletlilik ýörelgeleri, Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy, milli demokratiýanyň ösüş ugurlary barada pikir alyşmakda, ýurduň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we ynsanperwer syýasatynyň durmuşa geçirilişini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, maslahata gatnaşyjylary Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem berk jan saglyk, uzak ömür hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.