Turkmenportal logo
22.10.2026
1351713517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Täze Aý» şeker we reňk berijiler goşulmadyk miwe pastilasynyň önümçiligini ýola goýdy

«Täze Aý» kompaniýalar topary düzüminde şeker, emeli reňk berijiler, hoşboý ys berijiler, himiki konserwantlar we krahmal bolmadyk tebigy miwe pastilasyny tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, önüm miweleriň diňe tebigy tagamyny we süýjüligini saklap galýar, ony taýýarlamak üçin bolsa witaminlere baý bolan bişen miweler saýlanyp alynýar.

Pastila alma, armyt, banan, pyrtykal, mandarin we şetdaly ýaly miwelerden taýýarlanylýar. Miweler köp tapgyrly arassalama hem-de ýuwma işlerinden geçýär, soňra ýörite enjamlarda püre görnüşine getirilýär. Kompaniýada tassyklamalaryna görä, bu işde miweleriň tebigy düzümi doly saklanyp galýar.

Önümçiligiň esasy tapgyry — 40–55 °C temperaturada amala aşyrylýan guratmak işidir. Öndürijiniň bellemegine görä, şeýle tertip önümde C, A we B topar witaminlerini, şeýle hem kaliý, magniý we demir elementlerini saklamaga mümkinçilik berýär. Taýýar pastila böleklere bölünýär we çyglylykdan hem-de howadan goraýan ekologiýa taýdan howpsuz gaba gaplanýar.

«Täze Aý» kärhanasyndaky öndürilýän pastilalaryñ düzüminde şekeriň bolmazlygy sebäpli bu önümiň berhiz saklaýanlar, sport bilen meşgullanýanlar ýa-da gandaky şekeriň derejesine gözegçilik edýänler üçin amatly boljakdygyna ynanýarlar. Miweleriň düzümindäki pektin we kletçatka, kompaniýanyň tassyklamagyna görä, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadaly saklaýar. Pastila mekdep okuwçylary üçin ýeňil iýmit, ýolda, işde ýa-da türgenleşikde bolan adamlar üçin bolsa fruktozanyň hasabyna çalt energiýa çeşmesi hökmünde maslahat berilýär.

Öndüriji her bir miwäniň peýdasyna hem ünsi çekýär: almalar we armytlar iýmit siňdirişi goldaýar, bananlar nerw ulgamyny taplandyrýar, sitrus miweleri immuniteti berkidýär, şetdaly bolsa A witaminine we antioksidantlara baýdyr.