Şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Sebitiň bilermenleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisini we Azerbaýjany birleşdirýän «C6» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynyň Awazada geçirilmeginiň bu formatyň maslahatlaşmalar üçin meýdançadan doly hukukly ykdysady we geostrategik bileleşige öwrülýändigini görkezendigini biragyzdan bellediler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Sebitiň syýasaty öwrenijileriniň we bilermenleriniň esasy netijeleri hem-de bahalandyrmalary aşakdakylardan ybarat:
Birinjiden. Bakunyň bu formata goşulmagy Hazarüsti baglanyşyk köprüsini gutarnykly berkitdi. Analitikleriň bellemegine görä, alty döwletiň serişdeleriniň birleşdirilmegi umumy jemi içerki önümi 620 milliard ABŞ dollaryndan gowrak, ilaty bolsa takmynan 85 million adama deň bolan içerki bazary emele getirýär.
Ikinjiden. Duşuşyklaryň iş tertibini kesgitleýän kadalaşdyryjy resminamalaryň kabul edilmegi liderleriň deklaratiw beýanatlardan ulgamlaýyn utgaşdyryş mehanizminiň işine geçmäge taýýardygyny görkezýär. Başlyklygyň Azerbaýjana geçmegi Günorta Kawkaz we Ýewropa bilen gatnaşyklary ösdürmäge has köp üns berilmegine şert döredýär.
Üçünjiden. Bilermenler ulag ulgamyny «C6» formatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplaýarlar. Türkmen we Azerbaýjan portlarynyň üsti bilen TMTM-ni (Hazarüsti halkara ulag ugruny) ösdürmek Gazagystan, Özbegistan we sebitiň beýleki ýurtlary üçin ileri tutulýan ugra öwrülýär.
Dördünjiden. Syýasaty öwrenijiler gümrük amallaryny bitewi sanlylaşdyrmak, nyrhlary amatlylaşdyrmak we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky başlangyçlara ünsi çekýärler. Bilermenler jemgyýeti umumy hasaplaýyş infrastrukturasyny döretmek we senagat kooperasiýasynyň binýadyny kemala getirmek baradaky tekliplere ýokary baha berýär. Bu başlangyçlar tehnologik garaşlylygy azaltmaga we sebitde öndürilýän önümleriň goşulan bahasyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ädim hökmünde garalýar.
Bäşinjiden. Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sammitiň geçirilmegi bilen baglylykda, bilermenler ekologik gün tertibiniň, ilkinji nobatda, Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleriniň möhümdigini nygtaýarlar. «Ýaşyl» energetika we elektrik energiýasynyň eksporty ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk Azerbaýjan, Gazagystan we Özbegistan üçin geljegi uly ugur hökmünde görkezilýär.
Umuman, sebitiň synçylary Awaza sammitiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ýokary derejede jebisleşendigini görkezendigi baradaky pikire gelýärler. Bu formatyň ýurtlary indi özlerini daşarky güýçleriň täsiriniň obýekti hökmünde däl-de, eýsem, möhüm üstaşyr geçelgelerine we baý tebigy serişdelerine eýe bolan, dünýä syýasatynda we söwdasynda özbaşdak hereket edýän subýekt hökmünde görkezýärler.
Bu netijeleri anyk bilermenleriň beren bahalary hem tassyklaýar.
Sanjar Waliýew (Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasat barlaglary we halkara başlangyçlar merkeziniň direktory): «Bilermenler konsultatiw duşuşyklaryň resmileşdirilmeginiň we Azerbaýjanyň bu formata goşulmagynyň sebiti daşarky güýçleriň geosyýasy bäsdeşliginiň obýektinden özbaşdak halkara syýasatyny ýöredip, üstaşyr ulag-logistika we ykdysady gün tertibini kemala getirmäge ukyply subýekte öwürýändigini yzygiderli nygtaýarlar».
Ýerkin Tukumow (Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystanyň Strategik barlaglar institutynyň öňki direktory, KISS, häzirki wagtda Gazagystan Respublikasynyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi): «KISS-yň bilermenleri Merkezi Aziýanyň özbaşdak hereket etmek we «strategik awtonomiýa» ýörelgelerini öňe sürýärler. Olaryň bahalandyrmalarynda Azerbaýjanyň goşulmagy bilen formatyň giňeldilmegi sebiti bitewi üstaşyr ulag merkezine we Ýewraziýada özbaşdak güýç merkezine öwürmegiň möhüm şerti hökmünde garalýar».
Farhod Tolipow («Bilim Karwoni» («Bilimler kerweni») döwlete degişli däl ylmy-bilim edarasynyň direktory, syýasy ylymlaryň kandidaty, doktor, Özbegistan): «Bäşligiň» (indi bolsa «altylygyň») içindäki institusional gatnaşyklary pugtalandyrmak sebitiň iri dünýä döwletleriniň hasaplaşmaga mejbur boljak doly hukukly halkara subýektliligini kemala getirmegiň ýeke-täk ýoludyr».
Zaur Mämmedow (Baku şäheriniň syýasatşynaslar klubunyň başlygy, syýasy ylymlarynyň kandidaty, dosent, Azerbaýjan): «Azerbaýjanyň bilermenleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň serişdeleriniň birleşdirilmeginiň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda köpri döredýändigini, bu giň sebiti dünýä söwdasynyň ykdysady taýdan özbaşdak gatnaşyjysyna öwürýändigini nygtaýarlar».
Mehmet Fatih Öztarsu we ANKASAM merkeziniň analitikleri (Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça bilermen, Türkiýe): «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşyklaryň ösüşini seljerýän halkara we sebit bilermenleri formatyň «C6» görnüşine öwrülmeginiň halkara meýdançada öz tebigy serişdeleri we üstaşyr ulag mümkinçilikleri bilen ähmiýetli orun eýeleýän geosyýasy gurluşy döredýändigini belleýärler».
Sammitiň netijelerine bilermenler jemgyýetinde has pragmatik garaýşyň hem bardygyny bellemek gerek. Bu garaýşy goldaýanlar berk merkezleşdirilen dolandyryş bolmazdan, öňe gitmegiň kyndygyny hasaplaýarlar. Emma olar hem häzirki çeýe formatyň («C5+1» ýa-da «C6») şu tapgyrda beýleki görnüşlere garanyňda has durnukly we uzak möhletli bolýandygyny adalatly belleýärler.
Nygtalyşy ýaly, ösdürilýän konsultatiw duşuşyklar formaty halkara syýasatynda «ýumşak sebitçilik» ýa-da «ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk» diýlip atlandyrylýan düýbünden täze ýörelgä esaslanýar. Bu formatda paýtagtlarda ýerleşýän we buýruk berýän milletüsti edaralar ýa-da wezipeli adamlar ýok. Her bir ýurt öz özygtyýarlylygyny doly saklaýar we diňe özüne bähbitli taslamalara, mysal üçin, demir ýolunyň gurluşygyna ýa-da bitewi sanly gümrük ulgamynyň döredilmegine gatnaşyp bilýär.
«C6» hiç kime garşy gönükdirilen ideologik blok ýa-da bileleşik hökmünde döredilmeýär. Ol ykdysady we üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyna gönükdirilen gurluşdyr. Onuň esasy maksady Orta geçelgäni bilelikde ösdürmekden, energetika serişdeleri bilen söwda etmekden we logistika ulgamlaryny utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu formata gatnaşýan ýurtlar Hytaý, Russiýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen gatnaşyklaryndan ýüz öwürmeýärler. Olar diňe şol ýurtlar bilen dialogda öz orunlaryny berkitmek we ylalaşylan umumy garaýyş bilen çykyş etmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler.
Russiýanyň käbir bilermenleri, şol sanda «Waldaý» klubunyň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Bütindünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary institutynyň (IMEMO RAN) we beýleki guramalaryň wekilleri Awaza sammitine, esasan, strategik hyzmatdaşlyk, logistika we sebit howpsuzlygy nukdaýnazaryndan garaýarlar.
Günbatar ýurtlarynyň bilermenleri, şol sanda «Chatham House» we «Carnegie Endowment» ýaly guramalaryň wekilleri bolsa Awaza sammitine logistika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we sebit integrasiýasyny pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan baha berýärler.