Turkmenportal logo
Düýn 14:52
1347213472
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň gümrük gullugynyň wekilleri Hytaýda «Hyzmatdaşlygyň Düzgünnamasynyň» taslamasyny ylalaşmaga gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti 15–17-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde geçirilen degişli Iş toparynyň birinji mejlisine gatnaşdy.

Maslahatyň çäklerinde Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük gulluklarynyň wekilleri duşuşyp, gümrük gözegçiliginiň täze sanly ekoulgamynyň binýadyny döretmek boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Gatnaşyjylar töwekgelçilikleri dolandyrmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, emeli aňyň algoritmlerini we maglumatlaryň akylly seljermesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gümrük gulluklarynyň arasynda maglumatlary dessin alyşmak üçin «Hyzmatdaşlygyň Düzgünnamasy» atly resminamanyň taslamasyny ylalaşdylar.

«Hyzmatdaşlygyň Düzgünnamasy» atly strategik resminamany 2027-nji ýylda geçiriljek «Hytaý – Merkezi Aziýa» üçünji sammitinde gol çekmek meýilleşdirilýär. Bu resminama serhetlerde ýükleriň geçirilmegini düýpli çaltlandyrmaga, gözden geçirmegiň takyklygyny ýokarlandyrmaga we sebitdäki söwda ýollarynyň howpsuzlygyny has-da berkitmäge gönükdirilendir.

Ilkinji amaly ädim hökmünde taraplar maglumatlaryň synag görnüşindäki alyş-çalşygyny ýola goýmak mümkinçiligine garamagy ylalaşdylar. Indiki duşuşygy geçirmek boýunça nobatyny bolsa Gazagystan kabul etdi.