Turkmenportal logo
23.09.2026
2108621086
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wladimir Putin Awazada geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Prezident Wladimir Putin söhbetdeşlikde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdygyny aýtdy. Bu barada TDH habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk edýändigini, şu ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, bu çärelere RF-niň Prezidentiniň gatnaşmagynyň ýokary derejeli forumlara aýratyn ähmiýet berjekdigini nygtady.

Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem BMG-niň, GDA-nyň, ŞHG-niň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. 

Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini belläp, Türkmenistanyň Russiýa bilen gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Parlamentara gatnaşyklar we Russiýa Federasiýasynyň subýektleri bilen özara hyzmatdaşlyk işjeň durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýle hem bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ulgamlary öz içine alýan ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow bu ulgamlarda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň iki ýurduň halklarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi.