Turkmenportal logo
Şu gün 17:03
740740
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň maglumatlaryna görä, bugdaýyň dünýä bahasy bir ýylda 15 göterim ýokarlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) azyk önümleriniň bahalar indeksi 2026-njy ýylyň awgust aýynda 133,3 görkezijä deň bolup, täzeden gözden geçirilen iýul aýyndaky bilen deňeşdirilende 1,9 göterim, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 2,5 göterim ýokarlandy. Bu barada guramanyň 4-nji sentýabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Däne ekinleriniň bahalar indeksi iýul aýy bilen deňeşdirilende 2,2 göterim ýokarlandy. Importa bolan durnukly islegiň we hasylyň geljegi bilen bagly aladalaryň artmagynyň netijesinde däneli ekinleriň esasy görnüşleriniň ählisiniň bahasy ýokarlandy.

Awgust aýynda bugdaýyň dünýä bahalary 2,6 göterim ýokarlandy we geçen ýylky derejesinden 15 göterim ýokary boldy. Muňa Gara deňziň üsti bilen amala aşyrylýan eksport-logistika işlerinde ýüze çykan bökdençlikler, yssy we gurak howa sebäpli Ýewropada hasyl boýunça çaklamalaryň ýaramazlaşmagy, şeýle hem ABŞ-nyň dollarynyň hümmetiniň peselmegi sebäp boldy. Mekgejöweniň bahasy 2,5 göterim, tüwiniň bahasy bolsa 0,5 göterim ýokarlandy.

Ösümlik ýaglarynyň bahalar indeksi 1,1 göterim, etiň bahalar indeksi 1,0 göterim, süýt önümleriniň bahalar indeksi bolsa 2,3 göterim ýokarlandy. Iň ýokary ösüş şeker boýunça hasaba alyndy — onuň bahalar indeksi 11,9 göterim ýokarlandy. Muňa Ýewropa Bileleşiginde şugundyr hasylynyň azalmagyna garaşylmagy, «El-Ninýo» hadysasy sebäpli Aziýada önümçilige bolan aladalar, Braziliýada önümçiligiň azalmagy we Hindistanyň çig şekeri paçsyz import etmäge rugsat berýändigini yglan etmegi sebäp boldy.

FAO-nyň maglumatlaryna görä, azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna amatsyz howa şertleri, Ýakyn Gündogardaky dawa-jenjeller we Gara deňzi sebitindäki söwda bilen bagly logistika meseleleri täsir etdi.

«Awgust aýynda azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň ýokarlanmagy bazarlarda töwekgelçilikleriň artýandygyny görkezýär: howa şertleriniň üýtgemegi bilen bagly sarsgynlar, geosyýasy dartgynlylyk we söwda-logistika amallarynyň bozulmagy üpjünçilik bilen bagly näbelliligi bilelikde güýçlendirýär. Şol sebäpli durnuklylyk, açyk söwda we serişdeleriň üznüksiz üpjünçiligi dünýäde azygyň bahalarynyň durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar» — diýip, FAO-nyň baş ykdysatçysy Maksimo Torero belledi.

Gurama şeýle hem 2026-njy ýylda dünýäde däne önümçiligine degişli çaklamasyny peseltdi. Täze çaklama görä, bu görkeziji 2 milliard 980 million tonna bolar. Bu 2025-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende 2 göterim azdyr. Şeýle-de bolsa, bu möçber gözegçilikleriň tutuş taryhyndaky iň ýokary ikinji hasyl bolmagynda galýar.