Turkmenportal logo
Şu gün 11:08
56205620
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
W.Hajiýew zenanlary öňüni alyş diplomatiýasyna işjeň çekmek boýunça Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Türkmenistan Parahatçylyk medeniýeti boýunça Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlanan BMG-niň ýokary derejeli mejlisinde zenanlary öňüni alyş diplomatiýasyna we parahatçylyk işine has köp çekmek boýunça çykyş etdi.

2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň guramanyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan «Parahatçylyk medeniýetini ösdürmekde zenan liderligi» temasy boýunça ýokary derejeli forumda çykyş etdi. Diplomatyň çykyşy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda çap edildi.

Çykyşda parahatçylyk medeniýeti bilen bitaraplyk ýörelgeleriniň özara baglanyşygy bellenilýär. Toparyň eýeleýän ornuna görä, bitaraplyga hereketsizlik hökmünde däl-de, çaknyşyklaryň öňüni almagyň, gepleşikleri ösdürmegiň, araçylygyň we ynamy berkitmegiň guraly hökmünde seredilmelidir.

Çykyşda zenanlaryň parahatçylygy pugtalandyrmaga gatnaşmagyna aýratyn üns berildi. Çykyşda bellenilişi ýaly, zenanlara araçylar, gepleşikleri geçirijiler, diplomatlar, jemgyýetçilik liderleri we çözgüt kabul edýän şahslar hökmünde seredilmelidir.

Bitaraplygyň dostlary topary dört amaly ugura ünsi çekmegi teklip etdi: zenanlaryň öňüni alyş diplomatiýasyna we parahatçylyk gepleşiklerine irki tapgyrlardan başlap gatnaşmagyny üpjün etmek, zenan araçylary we parahatçylygy üpjün edijileri goldamak, zenan liderligini çaknyşyklaryň öňüni almak boýunça irki duýdurmak mehanizmlerine birleşdirmek, şeýle hem parahatçylyk medeniýetini emele getirmekde bilimiň ornuny güýçlendirmek.

Çykyşda bitarap meýdançalaryň durnukly diplomatiýa üçin goşmaça mümkinçilikleri döredip biljekdigi, aýratyn-da, taraplaryň arasynda göni gepleşikleriň kynlaşan ýagdaýlarynda munuň möhümdigi nygtalýar. Toparyň pikiriçe, şeýle formatlar zenan araçylaryň, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň we beýleki parahatçylyk dörediji taraplaryň gatnaşmagy üçin giňişlik üpjün etmäge ukyplydyr.