Turkmenportal logo
Şu gün 10:11
41384138
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu gün Kronenberg şäherinde ahalteke bedewleri bilen bagly çäreler badalga alýar

Şu gün Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke bedewleri bilen bagly giň gerimli, köpugurly çäreler badalga alýar. Niderlandlar atly sport babatda Ýer ýüzünde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hasaplanýar. Şeýlelikde, şu gün ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty öz işine başlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda guralýan Kronenberg çäreleriniň meýilnamasy giň gerimi hem baý mazmuny bilen tapawutlanýar: 

Dürli ýaşdaky ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik we dressaž bäsleşikleri, «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle-de konkur, Ýewropanyň iň gowy bedewini saýlamak, atlaryň gözelligini sungat eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikler, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi, türkmen atçylyk sungatyna, medeniýetine, çeper döredijiligine we Ýewropanyň atçylyk pudagyna bagyşlanan sergi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary, medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti...

Ýewropada şeýle görnüşde ilkinji gezek guralýan halkara çäreler Watany Türkmenistan bilen Ýewropany birleşdirýän özboluşly köpri bolar. Onuň guramaçysy bolup «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasy çykyş edýär. Onuň guramaçylyk-protokol işlerine Türkmenistanda atçylyk boýunça ýokary bilim berýän bilim ojagy bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarydyr talyplary hem işjeň gatnaşýarlar.

Kronenberg çärelerine 30-a golaý ýurtdan ýüzlerçe wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Şolaryň 100-den gowragy «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşar. Forum esasy mejlisden hem-de 5 sany bölümçeden ybarat bolup, onda Türkmenistanda atçylyk sungatyny ösdürmekde ýetilen sepgitler, ahalteke atlarynyň taryhy, ösüş ýoly, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti, atçylyk pudagynyň ylmy taýdan öwrenilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Çykyş etjekleriň arasynda Italiýadan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, ABŞ-dan meşhur hünärmenlerdir atşynaslar bar. 

Meşhur «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen meýdançasynda türkmen halkyň milli medeniýeti öz köpöwüşginliligi bilen dabaralanýar. Bu ýerde ýedi sany ak öý dikilip, türkmeniň ak öýi bezemek dessurlary, milli lybaslarydyr bagşyçylyk sungaty, gelin-gyzlaryň üme etmek däbi açylyp görkeziler.

Galyberse-de, myhmanlar Ýewropa ýurtlarynyň däplerini, atçylyk pudagynyň özboluşlylygyny beýan edýän ýörite öýjagazlara baryp görerler. Resmi kabul edişligiň çäginde medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar. Onda Türkmenistanyň belli bagşylarydyr estrada ýyldyzlary bilen bilelikde türkiýeli, italiýaly, germaniýaly aýdymçylaryň hem çykyş etmeklerine garaşylýar.

Kronenberg çäreleriniň çäginde yglan edilen döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň tanymal sungat işgärleridir dörediji talyplar, şeýle-de daşary ýurtlardan işlerini hödürlän wekiller gatnaşdylar. Türkmenistanly gatnaşyjylaryň nakgaş, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly eserlerinde, fotosuratlarda türkmen halkynyň behişdi bedewlere bolan buýsanjy sungatyň dilinde, dürli çemeleşmelerde çuňňur beýan edilýär.