Soňky 45 ýylyň içinde Türkmenistanda howanyň temperaturasy 1,6 dereje, Gyrgyzystanda — 1 dereje, Gazagystanda we Özbegistanda — 1,4 dereje, Täjigistanda bolsa 0,7 dereje ýokarlandy.
Bu maglumatlar «Merkezi Aziýada serhetüsti häsiýete eýe bolan sil suwlary we joşgunlar barada analitik syn» diýen resminamada getirilýär.
Merkezi Aziýa howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmekde çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Aýratyn-da, klimatyň üýtgemeginiň sebitdäki suw bilen baglanyşykly tebigy harasatlara ýetirýän täsiri esasy wezipeleriň biri hökmünde ykrar edildi.
Sebitde buzluklaryň göwrüminiň häzirki azalyş depgini ýylda 0,2-1% deňdir. Buzluklaryň eremegi we şonuň netijesinde buzluk kölleriniň emele gelmegi sebäpli, kölleriň böwsülmegi netijesinde sil gelmek howpy ýokarlanýar. Bu bolsa daglyk ýerlerde ýaşaýan ilat, olaryň ýaşaýyş jaýlary, gün-güzerany, şeýle hem derýa jülgelerinde we aşaky zolaklarda ýerleşýän infrastruktura üçin uly kynçylyklary döredýär.
Bu syn sebitiň iň uly serhetüsti derýa basseýnleriniň 13-sini öz içine alýar, olar umumy töwekgelçilikleri bolan ýurt jübütleri boýunça toparlanýar: Çu we Talas (Gazagystan — Gyrgyzystan), Şahimardan, Garaderýa, Naryn we Isfaýramsaý (Gyrgyzystan — Özbegistan), Isfara (Gyrgyzystan — Täjigistan), Ugam (Gazagystan — Özbegistan), Zerawşan (Täjigistan — Özbegistan), Amyderýa (Türkmenistan — Özbegistan) we dört ýurdy birleşdirýän Syrderýa basseýni. Her basseýn üçin derýanyň häsiýetnamalary, sel we sil taryhy, töwekgelçilik zolaklary, zyýanlar baradaky maglumatlary we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan mehanizmleri berilýär.