Turkmenportal logo
Düýn 14:58
1099610996
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň birinji gününde türkmen türgenleri altyn we bürünç medallara mynasyp boldular

Türkmenistanyň türgenleri Gyrgyz Respublikasynda geçirilýän VI Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň göreş boýunça ýaryşlarynyň ilkinji gününde bir altyn we bir bürünç medal gazandylar.

Ýaryşy guraýjylaryň habar bermegine görä, 1-nji sentýabrda Çolpon-Atadaky «Gazprom» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda göreşiň üç görnüşi — mongol göreşi, kuraş we göreş boýunça 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýaryşlar tamamlandy.

Türkmen türgenleriniň iň ýokary netijesi göreşde — milli göreş görnüşinde gazanyldy. Bu görnüşde çempionlyk adyna Annagurban Allaberdiýew mynasyp boldy. Kümüş medaly Gyrgyzystanyň wekili Asankeldi Nurkazym uulu, bürünç medallary bolsa Özbegistanyň we Owganystanyň türgenleri eýelediler.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň medallar gaznasyna kuraş boýunça bürünç medal gazanan Kemal Kemalow hem goşant goşdy. Göreşiň bu görnüşinde ýeňşi Özbegistanyň wekili Numonjan Rajabow gazandy. Kümüş medal Eýranyň wekili Sadeg Azaranga, ikinji bürünç medal bolsa Gyrgyzystanyň türgenine gowşuryldy.

Ýaryş gününiň üçünji görnüşi bolan mongol göreşinde altyn medala Mongoliýanyň wekili Anar Dorž mynasyp boldy. Kümüş medaly Russiýanyň türgeni Monge Ertine Kuular gazandy, bürünç medallara bolsa Hytaýyň we Gyrgyzystanyň wekilleri eýe boldular.

Ýaryşlaryň netijeleri boýunça ýeňijilere 100 müň som, kümüş medal gazanan türgenlere 80 müň som, bürünç medalyň eýelerine bolsa 50 müň som möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.

VI Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary 31-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda geçirilýär. Oýunlaryň esasy çäreleri Çolpon-Ata şäherinde guralýar. Halkara ýaryşlaryna dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan türgenler gatnaşýar. Ýaryşlar sportuň 43 görnüşi boýunça geçirilýär.