Turkmenportal logo
Düýn 11:45
65986598
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝB-niň ilçisi Beata Peksa Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bu wezipede üç ýyl zähmet çekiň, 2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda ýurtdaky diplomatik işini tamamlady.

Şu mynasybetli ilçi Türkmenistanyň halkyna, şeýle hem ýurtda bolan döwründe bilelikde işleşen ähli kärdeşlerine, hyzmatdaşlaryna we dostlaryna tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy. Peksa Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini we geljekde ähli gowulyklary arzuw etdi.

Beata Peksa ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde öz wezipesine 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda girişdi. Ol 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatlaryny gowşurdy, şol ýylyň 2-nji oktýabrynda bolsa ynanç hatlarynyň göçürmelerini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowa gowşurdy.

ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenmezden öň, Peksa Polşanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa bölümini dolandyrdy. 2018 — 2020-nji ýyllarda ol Polşanyň Yrakdaky ilçisi wezipesinde işledi, şeýle hem Polşanyň DIM-iniň düzümlerinde we Polşanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda dürli diplomatik wezipelerde zähmet çekdi.