Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Halkara metbugat we maglumat departamentiniň başlygy Gülälek Muhammetberdiýewa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet maglumat agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň XXXV mejlisine gatnaşdy. Bu barada kabar.kg habar berdi.
Türkmenistanyň wekili çärede ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Hususan-da, ýurtda syýahatçylyk ulgamynda zähmet çekýän hususy kompaniýalara döwlet goldawynyň berilýändigi nygtaldy. Häzirki wagtda 70-den gowrak kompaniýa dürli syýahatçylyk ugurlaryny we hyzmatlaryny hödürleýär.

G.Muhammetberdiýewa syýahatçylyk kompaniýalarynyň GDA ýurtlaryndan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden we Ýewropadan gelýän syýahatçylar bilen işlemek üçin daşary ýurt dillerini bilýän ýaş hünärmenleri işe çekýändigini nygtady.
Ol 2008-nji ýyldan bäri işjeň ösdürilýän hem-de täze myhmanhanalar we infrastruktura desgalary bilen üsti ýetirilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna aýratyn üns berdi. Şu ýylyň oktýabr aýynda «Awazada» GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini we birnäçe medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem ol Türkmenistanyň baý taryhy mirasyny belledi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizilen gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç iň ähmiýetli desgalaryň hatarynda mysal getirildi.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini, şol sanda taryhy ýadygärliklerini, çöl täsinliklerini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny we ýurduň paýtagty Aşgabat şäherini görkezýän wideofilm hem hödürlendi.