Turkmenportal logo
27.08.2026
1498914989
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri Yssykkölde geçirilen foruma gatnaşdylar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri Merkezi Aziýanyň ýaşlary üçin «Klimat — Ýaşlar — Daglar» sebitleýin tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar. Bu barada ýokary okuw mekdebinde habar berildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan guralan maksatnama 16 — 22-nji awgust aralygynda Gyrgyzystanyň Yssykköl sebitinde geçirildi. Çäräniň çäginde gatnaşyjylar klimatyň üýtgemegine, daşky gurşawy goramaga, dag ekosistemalaryny saklamaga hem-de sebitiň ekologiýa meselelerini çözmekde ýaşlaryň eýeleýän ornuna bagyşlanan okuw sapaklaryna, söhbetdeşliklere we amaly çärelere gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, türkmen wekilleri sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdiler. Maksatnamanyň netijeleri boýunça gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýokary okuw mekdebinde bu çärä gatnaşmagyň ýaşlaryň arasynda halkara tejribe alyşmaga we ekologiýa meseleleri boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam edendigi bellenildi.