Turkmenportal logo
Şu gün 13:38
14791479
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
1986-njy ýylyň dünýä çempionatynda Maradonanyň gol geçiren topy 3,4 million dollara satyldy

1986-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň Angliýanyň ýygyndy toparynyň garşysyna oýnan duşuşygynda Diego Maradonanyň meşhur «Taňrynyň eli» atly goluny geçiren futbol topy «Heritage Auctions» kim ýokary söwda öýüniň söwdalaşygynda komissiýa tölegi bilen bilelikde 3,4 million dollara satyldy.

Duşuşyk 1986-njy ýylyň 22-nji iýunynda Meksika şäherinde geçirildi we Argentinanyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykda iki goly hem Maradona geçirdi.

Ol ilkinji goluny iňlis derwezeçisi Piter Şiltondan öňe geçip, topy eli bilen derwezä gönükdirdi. Duşuşykdan soň Maradona bu goly «bir bölegi Maradonanyň kellesi, beýleki bölegi bolsa Taňrynyň eli bilen geçirilen gol» diýip häsiýetlendirdi.

Ikinji gol bolsa futbolyň taryhyna «asyryň goly» hökmünde girdi: Maradona derwezeçini hem goşmak bilen birnäçe garşydaşyny aldap geçip, topy boş derwezä gönükdirdi.

Duşuşyk tamamlanandan soň top tunisli emin Ali Bin Nasseriň elinde galdy. Ol bu futbol topuny 30 ýyldan gowrak wagtlap saklady. Soňra garaşsyz bilermenler wakanyň bolan ýerinden düşürilen suratlary topuň üstündäki yzlar we könelişme alamatlary bilen deňeşdirip, onuň hakykylygyny tassykladylar.