Turkmenportal logo
Düýn 22:15
32453245
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti germaniýaly ilçiden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, dürli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň onuň üçin hormatdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda yzygiderli giňeldýär. Türkmenistan hem-de Germaniýa halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäginde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.  Şeýle hem ykdysadyýet, saglyk, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän german-türkmen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.