Turkmenportal logo
Düýn 17:30
70457045
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pekinde adam sypatly robotlaryň 2-nji Bütindünýä oýunlary açyldy
Surat: russian.news.cn

22-nji awgustda Hytaýyň paýtagtynda adam sypatly robotlaryň ikinji bütindünýä oýunlary badalga aldy diýip, «Sinhua» agentligi habar berdi. Oýunlara 16 ýurtdan 2065 sany robot bilen 666 topar gatnaşýar.

«Buz lentasy» Milli stadionynda geçýän çäre bäş gün dowam edip, onda 51 görnüş boýunça ýaryşlar guralýar.

Çäräniň açylyş dabarasynda 1 000 sany adam sypatly robot çykyş etdi, olar bu tehnologiýa boýunça gazanylanlary, robotlaryň iş ýerlerinde hem-de gündelik durmuşda barha artýan ornuny görkezdiler. Munuň üçin fabrikleri, myhmanhanalary we öýleri ýatladýan ýörite meýdançalar guruldy.

Oýunlar Pekiniň Halk Hökümeti, Hytaýyň Mediakorporasiýasy («China Media Group») hem-de Bütindünýä robottehnikasy boýunça hyzmatdaşlyk guramasy we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde robottehnikasy boýunça dünýä kubogy halkara geňeşi tarapyndan guralýar.

Ilkinji oýunlar 2025-nji ýylyň awgustynda geçirilip, oňa 16 ýurtdan 500 sany robot bilen 280 topar gatnaşypdy.