Ýaponiýada güýçli ýertitreme boldy diýip, TASS habar berdi. Has güýçli ýerasty sarsgynlar Tokioda hasaba alyndy, öýlerde mebel yrandy, gap-gaçlar gaçdy. Bu ýagdaý 20 sekunt dowam etdi.
Ýurduň Milli meteorologiýa edarasy ilata sunami howpy barada duýdurdy, emma biraz wagtdan soňra bu duýduryşy ýatyrdy. Tokionyň goňşy Ibaraki prefekturasynda merkezi ýerleşen ýerasty sarsgynlaryň güýjüniň 5,9 bala deň bolandygy anyklandy. Ejir çekenler ýa-da ýykylan binalar barada habar berilmedi.