Turkmenportal logo
Düýn 15:08
1091110911
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Papa Lew XIV Watikanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze ýolbaşçysyny belledi

Papa Lew XIV ruhany Pawel Ýanuş Kubýagy Watikanyň Türkmenistandaky katolik wekilhanasynyň ýolbaşçysy edip belledi. Bu barada Fides agentligi habar berdi.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Rim papasy wekilhananyň öňki ýolbaşçysy — tagsyr Andžeý Madeýiň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul edip, onuň ýerine ozal wekilhanada administratiw wezipede işlän tagsyr Kubýagy belledi. Tagsyr Madeý 1997-nji ýyldan bäri Türkmenistandaky katolik wekilhana ýolbaşçylyk edip geldi we 2025-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatdaky işini tamamlady. Şeýlelikde, onuň Türkmenistandaky gullugy 28 ýyl dowam etdi.

Fides agentliginiň  bellemegine görä, wekilhananyň täze ýolbaşçysy tagsyr Pawel Ýanuş Kubýak 1974-nji ýylyň 8-nji fewralynda Polşanyň Turek şäherinde dünýä inýär. Ol 1994-nji ýylda oblatlar kongregasiýasyna goşulýar we bir ýyl soň Swenty-Kşižde ruhanylar üçin başlangyç taýýarlyk okuwlaryny tamamlaýar.

Ol 1999-njy ýylda monahlaryň ömürlik kasamlaryny kabul edýär, 2001-nji ýylda bolsa Polşanyň Obra şäherinde ruhany derejesine bellenýär. Kubýak ilkinji gullugyny ordeniň Polşa dahylly bolan Ukrainadaky we Russiýadaky wekilhanasynda ýerine ýetirýär. Ol 2023-nji ýylda Türkmenistana gelýänçä şol ýerde gulluk edýär.