Turkmenportal logo
Düýn 14:25
63256325
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropada 32 müň adam yssyda heläk boldy
Surat: sia.az

Ýewropada bu ýyl adatdan daşary yssy hasaba alyndy. Deslapky bahalandyrmalara laýyklykda, iýulyň ortasyndan awgustyň ortasyna çenli döwürde Ýewropada 32 müňden gowrak adam yssy howanyň pidasy boldy diýip, «Kronen Zeitung» gazeti habar berdi.

Gürrüň Awstriýa, Germaniýa, Belgiýa, Fransiýa, Niderlandlar, Portugaliýa we Ispaniýa barada barýar. Iň köp adam Germaniýada yssy howanyň pidasy boldy. Bilermenler bu görkeziji ýene üýtgär diýip çaklaýarlar.