Turkmenportal logo
Düýn 14:25
75397539
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy futbol boýunça Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna taýýarlyga başlady

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-20) baş tälimçi Didar Hajyýewiň ýolbaşçylygynda 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna taýýarlyk görüp başlady. Türkmen milli ýygyndysy türgenleşik okuw-ýygnanyşygyny Taýlandda geçirýär.

Saýlama ýaryşy 31-nji awgustda başlanýar. Saýlama tapgyrynda 31 ýygyndy sekiz toparça bölündi. Toparçalarda birinji orny eýelän ýygyndylar, şeýle hem ikinji orny eýelänleriň arasynda iň gowy netijäni görkezen ýedi ýygyndy topar Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Şeýlelikde, ýaryşy kabul edýän ýurt bolan Hytaýyň ýygyndysy bilen bilelikde final tapgyrynda jemi 16 topar çykyş eder. 

Türkmenistanyň ýygyndysy F toparçasynda Yragyň, Tailandyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndylary bilen bäsleşer. Duşuşyklar Taýlandyň Çonburi şäherinde geçiriler:

  • 31-nji awgustda – Yrak – Türkmenistan, 13:30

  • 3-nji sentýabrda – Türkmenistan – Taýland, 17:30

  • 6-njy sentýabrda – Birleşen Arap Emirlikleri – Türkmenistan, 13:30

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy iň soňky gözegçilik duşuşyklaryny 2026-njy ýylyň maý aýynda 20 ýaşa çenli ýygyndylaryň arasynda Täjigistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA-2026) ýaryşynda geçirdi. Türkmen futbolçylary Owganystanyň ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdylar, emma Täjigistana (1:2), Gyrgyzystana (1:2) we Özbegistana (0:2) garşy geçirilen duşuşyklarda ýeňildiler. Netijede, Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşy dördünji orunda tamamlady.

2027-nji ýylyň ýaşlaryň arasyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 24-nji martdan 10-njy aprel aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler.