Azerbaýjanyň Prezident Ilham Aliýew «Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy» tassyklamak baradaky karara gol çekdi. Bu barada «Report» habar berdi.
Karara laýyklykda, ylalaşyk güýje girenden soň, Azerbaýjanyň Azyk howpsuzlygy agentligi onuň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, Daşary işler ministrligi bolsa zerur içerki döwlet proseduralarynyň ýerine ýetirilendigi barada Türkmenistanyň Hökümetine habar bermäge jogapkär bellenildi.
Ýeri gelende bellesek, degişli ylalaşyga şu ýylyň 22-nji iýunynda Baku şäherinde gol çekilipdi.