Turkmenportal logo
Düýn 14:19
62966296
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Gifu şäherinde geçirilen çärelerde diplomatik korpusyň adyndan çykyş etdi

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Gifu şäherinde ýurduň Imperator köşgüniň guramagynda geçirilen «Ýapon milli däpleri bilen tanyşdyryş maksatnamasy» bilen bagly çärelere gatnaşdy.

Ilçihananyň saýtynda habar berilmegine görä, agzalan çärelere Gifu şäheriniň häkimi, Ýaponiýanyň Imperator köşgüniň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde ilçi A.Baýramow Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik korpusyň adyndan çykyş edip, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm orny barada belläp geçdi.

Şeýle hem diplomat 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurtda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak we olaryň taryhy-medeni ähmiýetini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.