Turkmenportal logo
Düýn 12:36
53565356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Reuters»: Kanada ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tamamlamakdan ýüz öwürdi
Surat: ria.ru

Kanada Waşington bilen söwda geleşigini baglaşmagy jemlemekden ýüz öwürdi diýip, ABŞ-nyň söwda wekili Jeýmison Grire salgylanýan «Reuters» agentligi habar berdi.

Netijede, 22-nji awgustyň ýarygijesi kanada harytlarynyň birgidenine gümrük paçlary güýje girýär diýip, amerikaly wekil nygtady. Kanadanyň Hökümet başlygy Mark Karni öz gezeginde eger gümrük paçlary güýje girse, Ottawanyň hem Ştatlara garşy jogap çäreleriniň girizjekdigini habar berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 21-nji awgustda Ottawany amerikan harytlaryny çäklendirmekde aýyplap, 19-njy awgustdan başlap, kanada harytlarynyň 300 görnüşine 50 göterim paçlary girizmek barada proklomasiýa gol çekipdi. Oňa görä, ABŞ elektronika, alkogol, süýt önümleri, gurluşyk serişdeleri, dokma önümleri we hokkeý egin-eşikleri babatda Kanada tarapyna çäklendirme girizdi.

«Axios» portalynyň ýazmagyna görä, ylalaşygy baglaşmakda esasy päsgelçilikleriň biri Kanadanyň amerikan alkogolyny satyn almakdan ýüz öwürmegi boldy. «Bloomberg» agentligi Kanada öz awtoulaglaryna amerikan paçlarynyň 10 göterime çenli kemeldilmegini gazanmak isleýär, emma Tramp pajyň 15 göterimden az bolmazlygyny talap edýär diýip habar berýär.