Turkmenportal logo
23.08.2026
84798479
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçihanasy Hindistanda bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi

21-nji awgustda Türkmenistanyň Nýu-Delidäki ilçihanasynda Hindistanda bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukugynyň ýyly» atly Kararnama bagyşlanan çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Ilçi Ş.Geldinazarow öz çykyşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurtda geçirilýän ýokary derejeli çäreler barada gürrüň berdi.

Hususan-da, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurduň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemlenjekdigi hem-de ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeleriň kesgitlenjekdigi nygtaldy.

Şeýle hem çärä gatnaşanlar Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukugynyň ýyly» atly Kararnama bilen tanyşdyryldy. Kararnama 78 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginiň we bu başlangyjyň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolmagynyň Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatynyň üstünligi bolup durýandygy bellenildi.