Turkmenportal logo
22.08.2026
1216212162
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Malkom klubyny çalyşdy we indi AFK- 2 Çempionlar ligasynda «Arkadag» bilen oýnap biler

AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparynyň garşydaşy Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» futbol kluby Sankt-Peterburgyň «Zenit» klubynyň ozalky hüjümçisi Malkom bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Bu barada BAE-niň futbol klubynyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berildi.

Şertnamanyň möhleti barada maglumat berilmeýär. Anna güni Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» kluby braziliýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnamasynyň ýatyrylandygyny mälim etdi.

Malkom 2023-nji ýylyň tomsunda «Zenitden» «Al-Hilal» klubyna 60 million ýewro transfer edildi. Braziliýaly futbolçy Saud Arabystanynyň toparynyň düzüminde 139 duşuşyk geçirip, 47 gol geçirdi. Ol bu klub bilen ýurduň çempiony boldy, iki gezek Kubogy we iki gezek Superkubogy gazandy.

«Al-Jazira» Abu-Dabiniň futbol kluby bolup, ol 1974-nji ýylyň 19-njy martynda «Al-Halidiýa» we «Al-Batin» toparlarynyň birleşmeginiň netijesinde döredildi. Klub öý duşuşyklaryny 42 müň tomaşaça niýetlenen «Mohammed bin Zaýed» stadionynda geçirýär. «Al-Jazira» üç gezek BAE-niň çempiony bolup, bir gezek ýurduň Superkubogyny gazandy. Geçen möwsümiň netijeleri boýunça BAE-niň 14 toparly ussatlar futbol ligasynda 4-nji orny eýeledi.

Ozal habar berlişi ýaly, 2026/2027-nji ýylyň möwsüminde AFK-2 Çempionlar ligasynyň «B» toparçasynda «Arkadagyň» garşydaşlary «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» we Bahreýniň «Al-Muharrak» klublary boldy.

«Al-Jazira» bilen «Arkadag» toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynda duşuşar. Bu duşuşyk 14-nji oktýabrda BAE-de geçiriler. Şeýle hem toparlar altynjy tapgyryň çäklerinde 9-njy dekabrda «Arkadag» stadionynda özara güýç synanyşarlar.