Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler merkeziň bölümleriniň enjamlaşdyrylyş derejesi we binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada Türkmenistanyň Prezidentine ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hasabat berdi.
Döwlet Baştutany mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bellenilýän gününde açylmagy meýilleşdirilýän Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerini synlap, bu ýerde görkezilýän taslamalar we binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Halkara pediatriýa merkeziniň baş meýilnamasy, umumy görnüşi, merkeziň otaglarynda oturdylan enjamlaryň görnüşleri, kliniki barlaghanalar, operasiýa we ýatymlaýyn otaglaryň görnüşleri, mejlisler zaly, çagalar üçin niýetlenilen oýun meýdançasy we ugurdaş desgalar bar. Aýratyn-da bölümlerde oturdylýan enjamlaryň görnüşleri şekil taslamalarynda möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ýeriň çagalar üçin niýetlenilendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we görkezilýän taslamalara özüniň birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Halkara pediatriýa merkeziniň maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş we ýatymlaýyn otaglary bilen tanyşdy. Tanyşlykdan soňra döwlet Baştutany gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy hem-de kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.