Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde täze sergi açyldy. Onda ýurduň «Abiwerd», «Nusaý», «Dehistan», «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanalarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan muzeýe gowşurylan arheologik tapyndylar ilkinji gezek köpçülige hödürlenýär. Bu barada muzeýiň resmi saýtynda habar berilýär.

«Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda tapylan tapyndylaryň arasynda bezegli keramiki gaplar we gap bölekleri, zenan heýkeljigi, haýwan şekilli heýkeljikler, oýnawaçlar, araba bölegi we eneolit döwrüne degişli möhür bar.

Nusaýda tapylan tapyndylaryň arasynda zenan keşbi şekillendirilen küýze aýratyn ünsüňi çekýär. Şeýle hem bu ýerde binalaryň bezeg bölekleri bolan diwar suratlaryny, metoplary we keramiki önümleri görmek bolýar. «Sarahs» taryhy-medeni goraghanasynda tapylan gymmatlyklaryň arasynda Aleksandr Makedonskiýniň şekili ýerleşdirilen kümüş teňňe, toýundan ýasalan it we horaz şekilli heýkeljikler, şeýle hem toýun çyralar bar.

Sergide aýratyn orun X-XII asyrlara degişli, günbatar Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Dehistan arheologik ýadygärligine mahsus bişirilen toýundan ýasalan çeper keramiki önümlere berilýär.

Sergide orta asyrlara degişli metal önümlerini hem görmek bolýar. Olaryň arasynda baý nagyşlar bilen bezelip, ýarymaý şekilinde ýasalan bürünç sandyjak, gapagynda guş şekili ýerleşdirilen aýakly gap, şeýle hem birnäçe asma gazan bar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan Paryzdepe we Şährislam ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan syrçaly we syrçasyz keramiki gaplar hem sergide görnükli orun eýeleýär. Gaplaryň dürli görnüşleri olaryň ýasalyş usuly, syrçanyň reňki, bezeg nagyşlary we şekilleri arkaly orta asyr küýzegärlik sungatynyň ýokary derejesini görkezýär.