Turkmenportal logo
21.08.2026
1274912749
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda döredilen 320-den gowrak kärhana hereket edýär
Surat: uzdaily.uz

Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda döredilen bilelikdäki kärhanalaryň 320-den gowragy golaýy hereket edýär. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.

Degişli edaranyň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen beýanatda 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyndaky ýagdaýa görä, Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda döredilen bilelikdäki kärhanalaryň 322 sanysynyň hereket edýändigi bellenilýär. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda 14-nji orny eýeledi.

Sanawyň birinji orny Hytaýa (6 müň 241 sany kärhana), ikinji orny Russiýa (3 müň 512 kärhana), üçünji orny bolsa Türkiýä (2 müň 327 kärhana) degişli.