Turkmenportal logo
21.08.2026
1787817878
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar Altaý halklarynyň we türkmenleriň medeni mirasynyň arasynda meňzeşlikleri ýüze çykardylar

Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň alymlary Altaýda geçirilen etnografik ekspedisiýanyň dowamynda Altaý halklarynyň medeniýeti bilen türkmen mirasynyň arasynda köp sanly meňzeşligi ýüze çykardylar. Bu meňzeşlikler nagyşlardan we keçe basmak usullaryndan başlap, dile hem-de halk döredijiligine çenli dürli ugurlarda ýüze çykýar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Gürrüň 2026-njy ýylda geçirilen «Beýik Altaý: türki miras» atly halkara ekspedisiýasy barada barýar. Ilçihananyň goldawy bilen ilkinji gezek bu ekspedisiýa türkmen etnograflary — taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň doktoranty Aýna Baýmyradowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Toýly Hommyýew gatnaşdylar.

Habar berlişine görä, alymlar on günüň dowamynda kumandinleriň, çelkanlaryň, tubalarlaryň, altaýlylaryň we telengitleriň medeniýeti bilen tanyşdylar.

«Türkmenistanda keçe basmagyň usullary we nagyşlary altaýlylaryňka örän meňzeş. Bizde «goçak» diýlip atlandyrylýan — dag goçynyň şahlaryny şekillendirýän nagşy gördük. Şol bir şekil altaýlylarda-da duş gelýär» — diýip, Baýmyradowa gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, meňzeşlik hatda dilde we halk döredijiliginde-de ýüze çykdy. Kumandinleriň dilinde türkmen sözlerine meňzeş sözleriň köp sanlydygy anyklandy. Iki halkyň aýdym-sazlary, ynançlary we däp-dessurlary hem biri-birine geň galdyryjy derejede ýakyn eken.

Milli awçylyk däplerini öwrenýän Hommyýew çelkanlaryň we tubalarlaryň medeniýetine aýratyn gyzyklanma bildirip, türkmenleriň we altaýlylaryň awçylyk däplerini deňeşdirdi we olaryň arasynda köp sanly umumy aýratynlygyň bardygyny ýüze çykardy.

Ekspedisiýanyň netijesinde Altaýyň we Türkmenistanyň halklarynyň mirasynyň umumy aýratynlyklaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berjek köp sanly fotosuratlar, söhbetdeşlikler we meýdan gözlegleriniň materiallary toplandy.

Ekspedisiýa Altaý döwlet uniwersitetiniň «Beýik Altaý» altaýşynaslyk we türki öwreniş ylmy-bilim merkeziniň hem-de Daglyk-Altaý döwlet uniwersitetiniň guramagynda, Russiýanyň Geografiýa jemgyýetiniň Altaý ülkesindäki bölüminiň goldawy bilen geçirildi.