Turkmenportal logo
21.08.2026
1265712657
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkmenportal futbol duşuşyklarynyň merkezini işe girizdi

Turkmenportal neşiri Ýewropa futbol möwsüminiň täzeden başlanmagyna gabatlap, täze hyzmaty — futbol duşuşyklarynyň merkezini işe girizdi.

Indi islendik çempionatyň her bir duşuşygy saýtdaky we Turkmenportal ykjam goşundysyndaky «Sport» bölüminde aýratyn sahypada amatly görnüşde görkezilýär. Ulanyjylar meýdançadaky oýunçylaryň ýerleşiş tertibini, duşuşygyň teswirnamasy bilen baglanyşykly interaktiw wagt çyzgysyny, şeýle hem jikme-jik statistikany görüp bilýärler.

Mundan başga-da, duşuşyklaryň merkezinde toparlaryň öňki oýunlarynyň netijeleri boýunça statistikasy we degişli täzelikler ýerleşdirilýär. Maglumatlar awtomatiki usulda täzelenýär, şonuň üçin ulanyjydan goşmaça hereket talap edilmeýär. 

Duşuşyklaryň merkezinde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy futbol ligalarynyň çempionatlary görkezilýär. Şeýle hem hyzmatda AFK-nyň Elita Çempionlar ligasy, AFK-2 Çempionlar ligasy, AFK-nyň Çagyryş ligasy, MLS, KONKAKAF-yň Çempionlar ligasy we beýleki ýaryşlar ýerleşdirildi. 

Ulanyjylar täze hyzmatyň mümkinçilikleri bilen saýtyň web görnüşinde ýokarky menýudaky «Sport» bölümine girip ýa-da Turkmenportal ykjam goşundysynda aşaky nawigasiýa panelindäki «Sport» nyşany arkaly tanşyp bilerler.

Duşuşyklaryň merkeziniň işine mysal hökmünde AFK-2 Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda «Arkadag» bilen «Goa» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň (3:0) sahypasyny görkezmek bolar.

Täze hyzmatyň maksady Turkmenportalda ýerleşdirilýän köp möçberli sport maglumatlaryny mümkin boldugyça mazmunly we kabul etmek üçin amatly görnüşde hödürlemek, şeýle hem ulanyjylaryň bu maglumatlara elýeterliligini ýeňilleşdirmekden ybaratdyr.