Turkmenportal logo
21.08.2026
1334013340
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda çagalar üçin ekranly stomatologik oturgyç işlenip taýýarlandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti 19–22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçirilýän «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergisinde içine monitor oturdylan ýöriteleşdirilen çagalar stomatologik oturgyjynyň konsepsiýasyny hödürledi. Bu önüm häzirki wagtda Türkmenistanyň bazarynda entek kybapdaşy bolmadyk täze işläp taýýarlamalaryň biridir. Kompaniýa serginiň baş hemaýatkäri hökmünde çykyş edip, öz pawilýonynda çagalar üçin niýetlenen birnäçe täze önümlerini görkezdi.

Kompaniýanyň bellemegine görä, ýurtda hususy lukmançylyk merkezleriniň, şol sanda çagalar stomatologiýa merkezleriniň sany artýar. Şol bir wagtyň özünde diş bejergisi köp çagalar üçin henizem stresli we gorkuly ýagdaý bolup galýar. Dünýä tejribesine esaslanyp, «Aýdyň Gijeler» stomatologik oturgyçlar üçin köpugurly monitorlaryň ýerli önümçiligini ýola goýmagy teklip edýär. Bu monitorlarda multfilmler görkezilýär we ekran çaganyň gözüniň derejesinde, göni oturgyja berkidilýär.

Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, bejergi wagtynda çaganyň ünsüni multfilmler bilen sowmak onuň howsala derejesini 40–60 göterim peseldip biler. Munuň psihologik täsirinden başga-da, işläp düzüjiler munuň amaly peýdasyny hem belleýärler: özüni rahat duýýan çaga lukmanyň geçirýän amallaryna has asuda täsirlenýär. Bu bolsa kabul ediş wagtyny gysgaldýar we çaganyň biynjalyk hereketleri sebäpli gaýtadan lukmana ýüz tutmagyň zerurlygyny azaldýar.

Oturgyç 3 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenilendir. Ol sazlanýan ölçeglere, tegeleklenen gyralara we zäherli bolmadyk materiallara eýe bolar. Ekranda öňünden ýerleşdirilen multfilmler toplumy bolar, onuň mazmunyny pult ýa-da planşet arkaly dolandyrmak, şeýle hem ene-atalaryň gözegçiligini üpjün etmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Arassaçylyga hem aýratyn üns berilýär: aýrylýan örtükler, mikroblara garşy örtük we her bir näsagdan soň dezinfeksiýa işleriniň ýeňilleşdirilmegi üpjün ediler.

Kompaniýa enjamlary diňe bir üpjün etmek bilen çäklenmän, hassahanalara we lukmançylyk edaralaryna kepillik we kepillik möhleti tamamlanandan soňky tehniki hyzmaty, şeýle hem abatlaýyş işlerini hem ýerine ýetirmäge taýýardygyny belleýär.

Stomatologik oturgyçlardan başga-da, «Aýdyň Gijeler» «Kids Expo» sergisinde çagalaryň howpsuzlygy üçin barmak yzlaryny biometrik skanirlemek we SOS funksiýasy bilen üpjün edilen «akylly» gulp ulgamyny, şeýle hem birinji synp okuwçylary üçin täzelenen noutbuk modelini hödürledi. Kompaniýa 2022-nji ýyldan bäri döwlet buýurmalarynyň esasynda şeýle enjamlary her ýyl ýurdumyzyň ähli mekdeplerini üpjün edýär. Şu wagta çenli okuwçylara jemi 300 müňden gowrak noutbuk gowşuryldy. Şeýle hem kompaniýa çagalar baglarynda telewizor ekranlarynyň ýerine görüşe zyýan ýetirmeýän proýeksiýa ulgamlaryny ornaşdyrmagy teklip etdi.

Häzirki wagtda «Aýdyň Gijeler» Eswatini Patyşalygy bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. 2026-njy ýylda kompaniýanyň wekiliýeti birnäçe iş saparlaryny we ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi. Olaryň netijesinde taraplar «Austrian Cards» kompaniýasynyň çip platformasynyň esasynda Eswatini Patyşalygynyň raýatlary üçin 1 milliondan gowrak milli şahsyýetnamany we 500 müňden gowrak biometrik pasporty bilelikde öndürmek we üpjün etmek barada ylalaşdylar. 2026-njy ýylyň iýun aýynda Eswatini Patyşalygynda «Aýdyň Gijeler» tarapyndan esaslandyrylan iki kärhana — «Aýdyň Gijeler Eswatini» we «Eswatini Quantum Works» öz işine başlady. Şeýle hem kompaniýa bölünip berlen, meýdany 8 gektardan gowrak bolan ýer böleginde önümçilik toplumynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.