Türkmenistanda «Toyota» brendiniň resmi dileri bolan «Garagum Ulag» kompaniýasy 2026-njy ýylyň 24 — 29-njy awgusty aralygynda Balkan welaýatynda göçme tehniki hyzmatlary amala aşyrar.
Awtoulag eýeleri paýtagta gelmezden, öndüriji tarapyndan göz öňünde tutulan tehniki hyzmatlardan mugt peýdalanyp bilerler.
Kompaniýanyň hünärmenleri ýerinde brendiň birnäçe modelleri boýunça toplumlaýyn işleri ýerine ýetirerler.
2021 – 2023-nji ýyllarda öndürilen «Toyota Land Cruiser 300» üçin Awtomatiki geçiriji gutusynyň (AKPP) we hereketlendirijisiniň elektron dolandyryş bloklarynyň programma üpjünçiligini täzelemek, şeýle hem ikinji elektron açary programmalaşdyrmak hyzmatlary göz öňünde tutulandyr. Bu hyzmat 2022 – 2023-nji ýyllara degişli «Land Cruiser Prado 150» üçin hem elýeterlidir.
«Toyota Land Cruiser Prado 250» (2024–2025 ý.) modeliniň gurallar paneli, multimediýa ulgamy we awtoulagy duralga goýmakda kömekçi ulgamy täzelener.
Şeýle hem 2023-nji öndürilen «Toyota Crown» üçin ulagynyň yzky kamerasyny barlamak we gurallar paneliniň programmasyny täzelemek, «Toyota Camry 80» (2024–2025 ý.) üçin duralga goýmakda kömekçi ulgamy hem-de gurallar panelini täzelemek, 2024 – 2025-nji ýyllarda öndürilen «Toyota Land Cruiser 300» üçin duralgada goýmak ulgamynyň hem-de Awtomatiki geçiriji gutusynyň (AKPP) programma üpjünçiligini täzelemek, 2022 – 2025-nji ýyllara degişli «Toyota Corolla» üçin bolsa gurallar paneliniň programma üpjünçiligini täzelemek hyzmatlary ýerine ýetiriler.
Agzalan ähli hyzmatlar mugt amala aşyrylar.
«Garagum Ulag» kompaniýasynda hünärmenleriň iş tertibini düzüp bilmekleri üçin awtoulag eýelerine öňünden ýazylmagy maslahat berýärler.
Ýazylmak üçin telefon belgisi: +993 65 113774.