Turkmenportal logo
20.08.2026
1121811218
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň daşary işler ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary aýratyn orny eýeleýär. Energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda geljegi uly hyzmatdaşlygyň bardygyny bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.