19-njy awgustda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň edara binasynda goraghananyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli «Köpetdagyň tebigy gözellikleri» atly dabaraly ylmy maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Maslahaty Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak bölüminiň başlygy R. Nuryýew açdy. Ol öz gutlag sözünde ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynyň tebigaty gorap saklamakdaky ähmiýetini, şeýle hem goraghananyň işgärleriniň dag ekoulgamyny gorap saklamak ugrunda alyp barýan asylly işlerini belläp geçdi.
Maslahatda ekologlar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we mugallymlar çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda goraghananyň çäginde ösýän ösümlikleriň we ýaşaýan ýabany haýwanlaryň fotosuratlary görkezildi. Şeýle hem hereketlere täsir edýän abzallar bilen enjamlaşdyrylan fotoduzaklaryň kömegi arkaly düşürilen goraghananyň haýwanlarynyň wideoýazgylary görkezildi.
Maslahatyň ahyrynda goraghananyň işgärlerine Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.