Turkmenportal logo
20.08.2026
1521115211
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça ýygyndylary FIBA-nyň Milletler ligasynyň ilkinji duşuşyklarynda Kataryň ýygyndylaryndan üstün çykdy

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylary 3x3 basketbol boýunça (23 ýaşa çenli) Singapurda geçirilýän «FIBA 3x3 U23 Nations League 2026» halkara ýaryşynyň ilkinji duşuşyklarynda Kataryň ýygyndylaryny ýeňdi.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy Kataryň toparyndan 15:9 hasabynda üstün çykdy. Zenanlar ýygyndysy bolsa ynamly ýeňiş gazanyp, duşuşygy 21:6 hasabynda tamamlady.

Duşuşyklar ýaryşyň «B» toparçasyndaky ilkinji tapgyrynyň çäklerinde geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndylary bu tapgyrda Awstraliýanyň ýygyndylary bilen hem oýnar.

«FIBA 3x3 U23 Nations League 2026» ýaryşy 20–26-njy awgust aralygynda Singapurda geçirilýär. Türkmenistanyň ýygyndylary Awstraliýanyň, Singapuryň, Saud Arabystanynyň, Kataryň we Bahreýniň toparlary bilen bilelikde  Asia West/Pacific sebitiniň konferensiýasynda çykyş edýär.

Konferensiýanyň ýeňijisi 15–19-njy sentýabr aralygynda Hytaýyň Hubeý şäherinde geçiriljek «FIBA 3x3 U23» dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar.