Turkmenportal logo
20.08.2026
1486614866
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Teýmur Çaryýew «Barsanyň» düzüminde Gyrgyzystanyň Superkubogynyň eýesi boldy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew «Barsanyň» düzüminde futbol boýunça Gyrgyzystanyň Superkubogynyň eýesi boldy. Gyrgyzystanyň häzirki çempiony bolan «Barsа» bu naýbaşy baýrak ugrundaky duşuşykda Gyrgyzystanyň Kubogynyň geçen möwsümdäki eýesi Bişkek şäheriniň «Dordoý» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşyk Bişkekiň «Alga» stadionynda geçirildi. Çaryýew birinji ýarymyň ahyrynda netijeli pas berip, bir goluň geçirilmegine ýardam etdi.

Çaryýew 2026-njy ýylyň ýanwarynda Belarusyň «Torpedo-BelAZ» toparyndan geçip, Gyrgyzystanyň «Barsa» klubynyň oýunçysy boldy. Teýmur häzirki möwsümde ähli ýaryşlarda 20 duşuşyga gatnaşyp, iki gol geçirdi we üç netijeli pas berdi. Futbolçynyň klub bilen baglaşan şertnamasy şu ýylyň dekabryna çenli hereket eder.

Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 250 müň ýewro möçberinde kesgitlenýär.