Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2026/27-nji ýylyň möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy. Olar Liwanyň «Al-Ansar», Siriýanyň «Al-Ittihad» we Butanyň «Paro» toparlarydyr. Ýaryşyň bije çekişligi Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň binasynda geçirildi.
Şu möwsüm AFK-nyň täzelenen Çagyryş ligasynyň üçünji möwsümi bolar. Onda 20 topar çykyş eder we olar geografik ýörelgäniň esasynda Günbatar hem-de Gündogar zolaklaryna bölüner. Toparçalaýyn tapgyra gatnaşýan her bir topar azyndan 100 müň ABŞ-nyň dollary möçberinde baýrak puluny almagy kepillendirýär. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň esasy maksady — yklymyň ösüp barýan futbol ligalaryna we olaryň klublaryna ösüş üçin oňyn mümkinçilikleri döretmekdir.
Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky çempionatynda ikinji orny eýelän «Ahal» garşydaşlary bilen bilelikde Günbatar zolagynyň «A» toparçasyna düşdi. Toparçanyň duşuşyklary 17–23-nji oktýabr aralygynda Butanda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Her topar her bir garşydaşy bilen bir gezek duşuşar.
Bije çekişlikden öň «Ahal» Kuweýtiň «Al-Arabi» we Hindistanyň «Goa» toparlary bilen bilelikde birinji sebetde ýerleşdirildi. Şol sebäpli türkmen toparynyň toparçalaýyn tapgyrda bu toparlar bilen duşuşmagy mümkin däldi.
Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça çärýek finala sekiz topar çykar. Günbatar zolagyndan toparçalaryň üç ýeňijisi we ikinji orny eýelänleriň arasynda iň gowy netije görkezen topar, Gündogar zolagyndan bolsa her toparçadan iň gowy iki topar indiki tapgyra gatnaşar. Pleý-off duşuşyklary iki aýlawly görnüşde geçiriler: çärýek final duşuşyklary mart aýynda, ýarym final duşuşyklary aprel aýynda geçiriler. Final duşuşygy bolsa 2027-nji ýylyň 8-nji maýynda meýilleşdirilýär.