Turkmenportal logo
20.08.2026
1308513085
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanyň daşary işler ministri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp gördi

19-njy awgustda Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň çäginde Aşgabat şäherindäki «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda täjik we pars edebiýatynyň görnükli akyldary hem-de şahyry Saýido Nasafiniň ýadygärligine gül dessesini goýdy. Bu barada Täjigistanyň DIM-iniň saýty habar berdi.

Saparyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary we gepleşikleri meýilleşdirilendir. Onuň dowamynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri maslahatlaşylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýandygyny habar beripdik.